Arhiw

"Türkmenhowaýollarynyň" ýörite gatnawy bilen 160 adam Haj zyýaratyna gider

23:3502.08.2019
0
10520

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 5 — 25-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin «Boeing —737 — 800» kysymly uçaryň ýörite gatnawyny «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň