Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy: "Altyn asyr" öz ýeňiş rekordyny täzeläp bilermi?

16:5202.08.2019
0
5376

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ertir Aşgabatdaky "Köpetdag" stadionynda Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi "Köpetdagyň" arasynda Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän ýaryşyň taryhynda bir rekorda sebäp bolaýmagy hem ahmal.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklaryň ählisine gatnaşyp, ählisinde-de ýeňiş gazanyp gelýän "Altyn asyr" bu üstünligini ýene-de gaýtalap bilse, jemi 5 ýeňiş Kuboga iň köp mynasyp bolan topar bolar. Häzir Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bu Kubogy 4 gezek gazandylar. Türkmen futbolynyň taryhynda Naýbaşy kuboga dört gezek mynasyp bolan başga topar ýok.

Ýeri gelende aýtsak, 15 ýyllyk taryhynda bu Kuboga "Altyn asyrdan" başga HTTU bilen "Nebitçi" 3, "Ahal", "Aşgabat", "Merw" toparlary bolsa bir gezek mynasyp boldy. Eger bu gezek Kubogy "Köpetdag" gazanyp bilse, onda topar Naýbaşy kubokly 7-nji wekilimiz bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň