Soňky habarlar

Arhiw

CAFA - 2019-yň jemleýji duşuşygynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy özbek garşydaşlaryndan asgyn geldi

15:5102.08.2019
0
3484

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň soňky tapgyrynda özbegistanly deň-duşlaryndan 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Eýranyň ýygyndysy gyrgyzystanly deň-duşlaryny 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Täjigistanyň ýygyndysy bolsa öz gezeginde Owganystanyň ýygyndysyny  1:0  hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen bäş tapgyrdan soň 13 utuk toplan Täjigistanyň ýygyndysy CAFA-nyň çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

10 utuk toplan Özbegistanyň ýygndysy ikinji, 9 utugy bolan Eýranyň ýygyndysy üçünji baýrakly orunlary eýelediler.

Owganystanyň ýygyndysy (7 utuk) çempionaty dördünji orunda tamamlady. Türkmenistanyň ýygyndysy toplan 3 utugy bilen bäşinji, 1 utugy bolan Gyrgyzystanyň ýetginjelker ýygyndysy altynjy orunlarda ornaşdylar.

CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň