Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi

22:0201.08.2019
0
7473

1-nji awgustda Aşgabatda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara duşuşyk geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň käbir edaralarynyň, şol sanda energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň, Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlary 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan üçin gaýtadan dikeldilýän energiýanyň Ösüş meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine, ýurdumyzda bu pudagyň ösüşiniň mümkinçilikleri hakyndaky hasabatyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem halkara guramalary we we donorlary bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän energiýa (GDE) ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem GDE-ni ösdürmek işiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň hem-de oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň