"Türkmen sähra - 2019" halkara awtomobil sergisine iri kompaniýalaryň 20-den gowragy gatnaşar

07:3701.08.2019
0
2240

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda "Türkmen sähra - 2019" halkara awtomobil sergisi geçiriler. Bu sergisi şol günler Awazada geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň iň iri halkara çäreleriniň birine öwrüler.

"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň wekilleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljek halkara awtoulag sergisine dünýäniň iri kompaniýalarynyň 20-den gowragy gatnaşar. Olaryň arasynda Türkmenistanda resmi şahamçalary işleýän "BMW", "Mercedes", "Toyota", "Hyundai" ýaly meşhur kompaniýalar hem bar. Sergide kompaniýalaryň iň täze gazananlary görkeziler.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljek halkara awtoulag sergisine gyzyklanma eýýämden uly. Oňa dünýäniň köp döwletlerinden myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelip görmek isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň