“Mähirli dogan” hususy kärhanasynda sabynyň 3 görnüşi öndürilýär

07:2401.08.2019
0
3875

Bäherden etrabynyň Garagan obasyndaky “Mähirli dogan” hususy kärhanasynda sabyn önümçiligi öndürilýär. Bu kärhanada sagatda 1 tonna sabyn öndürmäge niýetlenen awtomatlaşdyrylan enjamlar oturdylan. Bu ýerde sabynyň 3 görnüşi öndürilýär. Sabynlaryň önümçiliginde ösümlik ýagyndan alynýan granullar, agyz suwy, reňk we ys berijiler, düzümi saklaýjy maddalar ulanylýar.

Arassaçylyk serişdesi bolan sabyn önümini öndürmek üçin, ilki bilen granullary garyjy enjamda bellenen wagtyň dowamynda garmaly. Soňra yzygiderlilikde az mukdarda suw, düzüm saklaýjy serişdeler, reňk berijiler we reňkine görä ys berijiler goşulýar. Taýýar bolan garyndy aýry-aýrylykda iki sany degirmende ýaýylýar. Şondan soňra işler gysyp taýýarlaýjy, kesiji we şekil beriji enjamlarda alnyp barylýar. Owadan şekile gelen sabynlar “Mähirli” haryt nyşanly göze gelüwli gaplara gaplanylýar.

Bu kärhanada sabyn önümçiliginden başgada, kir ýuwujy serişdeleri gaplamak işleri hem alnyp barylýar. Ýakyn geljekde bu ýerde suwuk sabynlary we gap-gaç ýuwujy serişdelerini öndürmeklik hem göz öňünde tutylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň