AFK-nyň kubogy - 2019: "Hanoý" Interzolagyň ýarym finalynda "Altyn asyryň" garşydaşy bolmaga bir ädim ýakynlaşdy

22:2031.07.2019
0
4730

Surat: Thể Thao 247.

Wýetnamyň "Hanoy" futbol topary AFK-nyň kubogynyň ACEAN zolagynyň finalynda  «Becamex Binh Duong» (Wýetnam) toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, "Hanoý" interzolagyň ýarym finalynda "Altyn asyryň" garşyday bolmaga ýakynlaşdy.

Thuzaumot şäherindäki "Go Dau" tsadionynda 10 müňden gowrak tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 33-nji minutda hüjümçi Wan Kuýet Nguen geçirdi. Ol öz dürs ýerine ýetirip bilmedik 11 metrlik urgusynyň yzysüre hasaby açyp, toparyna ýeňiş getirdi.

Jogap duşuşygy 7-nji awgustda bolar. Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiji bolan topar Interzolagyň ýarym finalynda 20-nji we 27-nji awgustda Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň