Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda welotrek boýunça "Wattbike" atly döwrebap türgenleşik enjamy oturdylar

12:3731.07.2019
0
4222

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, Bütindünýä welosiped merkezi (WCC) bilen Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň arasynda Aşgabatda «Wattbike» atly döwrebap türgenleşik enjamyny oturtmak boýunça gepleşikler geçirildi. Bu enjam welotrek bilen meşgullanýan türgenler üçin niýetlenendir.

Aýdylyşyna görä, enjam köp sanly elektrik duýduryjylar bilen üpjün edilen. Türgenleşik wagtynda olaryň bir bölegi türgeniň endamyna berkidilýär. Şeýlelikde, tälimçiler türgenleşigiň ýagdaýyna has içgin gözegçilik etmäge mümkinçilik alýar. Çünki enjam türgenleşigiň her bir pursadynda türgeniň fiziki taýýarlygy we ýagdaýy barada maglumat berip durýar. Enjamyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň türgeniň dogry oturyşyndan başlap, türgenleşigiň näderejede netije berip biljekdigine çenli takmynan kesgitleýänligidir. Enjamyň kömegi bilen türgen özüniň derejesini dünýä çempionlarynyň derejesi bilen deňeşdirip, şolara ýakynlaşmaga mümkinçilik alyp biler.

Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň düzüminde täze enjamy oturtmak barada WCC-niň ýolbaşçysy Frederike Magneniň ýakynda Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde ylalaşyldy.

Ýakyn iki aýyň içinde türkmen paýtagtynda Bütindünýä welosiped merkeziniň ýene-de iki hünärmeniniň gelmegine garaşylýar. Olar Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçileriniň we türgenleriniň halkara ýaryşlara, şol sanda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanşarlar. Merkeziň ýolbaşçysynyň ýurdumyza ikinji saparyna bolsa şu ýylyň ahyrynda garaşylýar. Bütindünýä welosped merkeziniň hünärmenleri türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi üçin mümkin bolan ähli goldawy bermäge we hemişelik hyzmatdaşlyk saklamaga taýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň