Ruslan Mingazow: "Gazagystanda özümi öýde ýaly duýýaryn"

23:5630.07.2019
0
7008

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Gazagystanyň «Irtyş» toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Vesti.kz saýtynyň habarçysyna beren interwýusynda Pawlador şäheriniň toparyny saýlap almagynyň sebäbini düşündirdi. Şeýle hem onuň bilen Çehiýadaky karýerasy, «Tottenhem Hotspordaky» gözden geçirilişi barada hem gürrüň edildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, geçen hepde-de gazak topary bilen şertnama baglaşan ýarym goragçy Ruslan Mingazow dessine-de Gazagystanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

– Ruslan, sizde agent ýok. Şeýle bolsa, «Irtyşy» nähili saýladyňyz?

– Bu işde gazagystanly hyzmatdaşlarymyzyň hem uly paýy bar. Olar «Irtyşyň» teklibini maňa ýetirdiler we men belli bir karara geldim.

– «Irtyş» möwsümi üstünlikli geçirýär diýip bolmaz. Topar öňdäki orunlardan uzakda. Şeýle-de bolsa, Pawladoryň toparyny saýlamagyňyzyň esasy sebäbi näme?

– Men «Irtyşyň» taryhyna belet, klubyň baý taryhy we uly ýeňişleri bar. Men tutuş topar jebislik bilen hereket etse, ýene-de öňde goýlan maksatlara ýetip bolar diýip pikir etdim. Bize diňe maksada okgunly oýun bilen dörän mümkinçiliklerden peýdalanmak gerek. Biziň maksadymyz ― galan duşuşyklarda mümkin bolan iň kän utugy toplamak.

– Gazagystanyň çempionaty bilen bagly nämeleri bilýärsiňiz? Bu çempionaty kimdir biri maslahat berdimi?

– Gazagystanyň çempionaty barada kakam hem köp zat gürrüň berdi. Ol bu çempionatda iki möwsüm geçirdi. Şeýle-de, ozal bu ýerde futbol oýnan käbir çehiýaly futbolçylar bilen hem maslahatlaşdym.

– «Ordabasy» bilen geçirilen ilkinji duşuşygyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Elbetde, gazanylan netije biziň haýrymyza däl. Ýöne iki aýdan soňra başga çempionatda, başga bir toparda çykyş etmek meniň öz üstüme hem uly jogapkärçiligi ýükledi.   

– Riganyň «Skontosynda» siz Pol Eşuort bilen işleşdiňiz. Ol häzir «Astananyň» direktory. Ondan size çakylyk bolmadymy?

– Edil ondan çakylyk gelmedi. Ýöne Pol bilen biz häzirem gowy gatnaşykda. Ol meni 10 ýyl mundan ozal Türkmenistandan Ýewropa çempionatyna çagyrdy. Şonuň üçin oňa hoşallygymyň çägi ýok. Gazagystana gelemsoň, ol meni gutlady we ýene-de görjekdigine şatdygyny aýtdy.

– «Irtyşa» täze futbolçylaryň uly toplumy geldi. Gysga wagtda bilelikde oýnamaga uýgunlaşmak kyn dälmi?

– Uýgunlaşmak üçin hemişe wagt zerur bolup durýar. Toparymyz örän gowy we biri-birine düşünişip bilýär. Edil meýdanda bolşy ýaly, islendik meselede hem kömegini gaýgyrmajak oglanlarymyz bar. Topar ruhy duýulýar, tiz uýgunlaşarys diýip tama edýärin.

– Çehiýada siziň has gowy mümkinçilikleriňiz bardy. Başga toparlardan çakylyk boldumy?

– Çehiýanyň özünden we goňşy Ýewropa döwletlerinden käbir teklipler geldi. Ýöne meniň üçin bäş ýyllyk Çehiýa karýeramdan soňra täze bir çempionatda güýjümi synap görmek möhümdi. Şonuň üçin hem Gazagystany saýladym. Dil, medeniýet babatyndaky meňzeşlikler bu ýerde özümi edil öýde ýaly duýmagyma sebäp bolýar.

– Siziň ozal çykyş eden «Mlada-Boleslaw» toparyňyz häzir Ýewropa ligasynda «Ordabasynyň» garşydaşy. Garşydaşyň güýji barada maglumat berip bilmersiňizmi? Gazak klubyna nähili garşydaş garaşýar?

– «Mlada-Boleslaw» ýönekeý garşydaş-a däl, topar hüjümde örän güýçli. Ýöne goragynda käbir kemçilikler bar. «Ordabasa», hakykatdan hem, güýçli topar garaşýar. «Ordabasynyň» öz meýdanynda gowy oýun bilen bu tapgyrdan geçip biljekdigine hem ynanýaryn.

– Siz «Tottenhem Hotsporda-da» gözden geçirilişde bolduňyz. Ol ýerdäki futbol howasy nähili?

– Angliýada maňa esasy ýaran zatlaryň biri fiziki taýýarlyk. Ol ýerde, bir söz bilen, futbolyň içinde ýaşalýar. Futbolçylar, tas, tutuş gününi türgenleşiklerde geçirýärler. Olar köp wagtyny türgenleşik zallaryna bagyşlaýarlar. Güýçli futbolçylar, ajaýyp meýdan, elbetde, göwnüňi göterýär. Haýsy wezipededigine garamazdan, toparyň her bir agzasynyň üstünlikler üçin goşant goşmaga synanyşýandygyny görmek hem ýakymly boldy. Garaz ähli kişi toparyň üstünlikleri üçin işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň