Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen arhiwi" žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:1730.07.2019
0
5378

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy diýip, TDH ýazýar.

Neşiriň nobatdaky sany däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär.

«Täze neşir» atly umumy sözbaşynyň astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň 2-nji jildi, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 10-njy jildi, «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» ýaly ajaýyp eserlerine hem-de «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitaba gysgaça syn berilýär.

Makalalaryň birnäçesi döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birini ýerine ýetirmäge — resminama dolanyşygyny kadaly guramak meselelerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermäge bagyşlanýar.

Okyjylaryň dykgatyna «Türkmenistanyň edaralarynda, guramalarynda, kärhanalarynda şahsy düzüm boýunça resminamalary toplamagyň we pudaklaýyn arhiwe tabşyrmagyň tertibi hakynda usuly maslahatlar», «Dolandyryş häsiýetli resminamalary saklaýan guramanyň arhiwiniň pasportyny düzmek boýunça ýatlatma», «Işleriň barlagyny we olaryň saklanyş ýagdaýyny barlamak. Işleri gözlemegi guramak» atly makalalar hödürlenilýär. Şeýle hem makalalaryň biri iş dolandyryşda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawyna we olaryň saklanylmaly möhletlerine bagyşlanýar.

Neşiriň nobatdaky sanyna girizilen makalalaryň bir bölegi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň şygary bilen baglylykda çap edilýär. Makalalarda bu meşhur ýoluň gadymy döwürdäki hem-de durnukly ösüşine we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary saklamak üçin häzirki wagtdaky ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Makalalaryň awtorlary döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda getirilen resminamalaýyn maglumatlara salgylanýarlar.

Neşiriň nobatdaky sanynda geçirilen halkara maslahatlara we sergilere syn hem berilýär. Bu möhüm çärelerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän täze sepgitler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň