Futbol boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk "Köpetdag" stadionynda geçiriler

17:2030.07.2019
0
6477

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futbol boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň 3-nji awgustda Aşgabatdaky "Köpetdag" stadionynda geçiriljekdigini habar berdi. Federasiýasynyň resmi saýtynda ýazylyşyna görä, duşuşyk sagat 19-da başlanar. Naýbaşy kubok ugrundaky bu duşuşyk Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi "Köpetdagyň" arasynda geçiriler.

Ozal hem habar berlişi ýaly, bu duşuşygyň ilkinji bellenen senesi şu ýylyň 10-njy martydy. Ýöne federasiýa tarapyndan berlen düşündirişde hem aýdylyşy ýaly, duşuşygy has ýokary derejede geçirmek üçin onuň senesi başga güne geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl "Altyn asyr" bilen "Ahalyň" arasynda geçirilen Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk hem "Köpetdag" stadionynda bolupdy. Şol duşuşykda "Altyn asyr" 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. "Altyn asyr" taryhynda dört gezek bu kuboga mynasyp boldy. "Köpetdag" bolsa ilkinji gezek bu duşuşyga gatnaşyp görýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň