Soňky habarlar

Archive news

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabrigi söwdanyň gerimini giňeldýär

15:4030.07.2019
0
422
Marynyň "Ýeňiş" tikin fabrigi söwdanyň gerimini giňeldýär

Müşderilerden gelýän köp sanly islegleri nazarda tutup, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi söwda dükanlarynyň sanyny ýene-de artdyrdy. Fabrik ozalky dükanlarynyň üstüni Aşgabatda we Maryda açylan täze dükanlaryň ikisi bilen ýetirdi.

Fabrigiň Aşgabat şäherindäki täze dükany Parahat ― 7 ýaşaýyş toplumyndaky «Bereketli söwda» dükanynyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Müşderiler bu gatdaky 209-njy dükandan «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümlerini elýeter bahalardan satyn alyp bilerler.

Mary şäherindäki täze dükan bolsa Arçabil köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär.

Fabrigiň Aşgabat we Mary şäherlerindäki beýleki dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:

1. Aşgabat şäheri, Görogly köçe 770-nji jaý, Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi, telefon: +99312 925191;

2. Mary şäheri boýunça:

-  1-nji dükan, Atamyrat Nyýazow şaýoly 1-nji jaýy, telefon: +993 522 46028;

- 2-nji dükan, Mollanepes köçesi, 66-njy jaýy, telefon: +993 65 175449;

-3-nji dükan, Arçabil köçesiniň 1a-jaýy, telefon: +993 62 508883.

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginiň resmi web saýty şu salgyda.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň