Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy CAFA - 2019-da Täjigistanyň futbolçylaryndan ýeňildi

23:4829.07.2019
0
6859

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA U16) çempionatynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýer eýeleri Täjigistanyň ýygyndysy (U16) bilen duşuşan ýetginjekler ýygyndymyz 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu oýun gününiň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysy gyrgyzystanly deň-duşlaryndan 3:2 hasabynda üstün çykdylar. Eýranyň ýygyndysy topary bolsa Owganystanyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Geçirilen üç tapgyrdan soň 7 utukdan toplan Täjigistanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýärler. 6 utugy bolan Eýranyň ýygyndysy üçünji orunda ornaşdy.

Dördünji tapgyryň duşuşyklary 30-njy iýulda geçirilip, Eýran – Täjigistan, Owganystan – Özbegistan hem-de Türkmenistan – Gyrgyz Respublikasy bilen duşuşar. 

CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

 

Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:

3-nji tapgyryň netijeleri:

Gyrgyz Respublikasy – Özbegistan – 2:3

Eýran – Owganystan – 0:1

Täjigistan – TÜRKMENISTAN – 3:0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň