Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçysy — Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

20:1429.07.2019
0
4640

Surat: onlinejua.org.

Türkmenistanly türgen Şatlyk Seýitmyradow Taýbeýde ýetginjek dzýudoçylaryň arasynda geçirilen Aziýanyň we Okeanyň çempionatynda bürünç medal eýeledi. Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünligi 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp gazandy. Onuň agram derejesinde 9 döwletden 10 türgen ýaryşdy.

Türkmen türgeni ilkinji tutluşygynda Zolbaýara Otgonbaatardan (Mongoliýa) üstün çykdy. Ikinji tutluşykda bolsa ol taýwanly türgen, şu ýaryşyň kümüş medalçysy Çi-Ýi Luodan asgyn geldi. Şu agram derejesindäki beýleki bürünç medaly gazagystanly türgen Muhammedali Mawlidow gazandy. Onuň watandaşy Aýdar Arapow bolsa bu agram derejesinde çempion boldy. 

Çempionata Türkmenistandan üç türgen wekilçilik etdi. Beýleki iki türgenimiz ýaryşy başlangyç tapgyrlarda tamamlady. Has takygy, Ýaşuzak Aşyrow 90 kilograma çenli, Gülruh Baýramgeldiýewa 48 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyna 17 döwletden 155 türgen gatnaşdy. Ýaryşda erkeklerem, gyzlar hem 8 agram derejesinde ýaryşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň