Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

17:5329.07.2019
0
7268

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk berjaý edýär diýip, TDH ýazýar.

Bu babatda IKAO – Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.

Bu guramanyň hünärmenleri bilen howa menzillerini hem-de howa gämileriniň ugurlaryny dolandyrmagyň ähli ugurlary boýunça işler alnyp barylýar. Howa ýollarynda howpsuzlygyň düzgünlerini ulanmagyň öňdebaryjy dünýä tejribesi babatynda yzygiderli duşuşyklar we geňeşmeler geçirilýär, häzirkizaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Bu netijeli hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk öz netijesini berýär we bu ulgamda beýleki halkara düzümleri bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmäge ýardam edýär, munuň özi üstünlikli ösüşiň hökmany şerti hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyjydyr.

EACA – howa uçuşlarynda howpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Şeýle hem wekiliýetleri özara alyşmak yzygiderli häsiýete eýe boldy, Türkmenistanyň howa ýollary düzümleriniň wekilleri degişli guramalaryň iri forumlaryna gatnaşýarlar, şol guramalaryň bilermenleri türkmen howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygy babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere, howa menzillerimiziň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berýärler.

Bu giň gerimli hem-de yzygiderli geçirilýän çäreler hem Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, raýat awiasiýasy ulgamynda beýleki döwletler hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygynyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň