Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýanyň ilçihanasy Türkmenistandaky maýyplar sport klublaryna türgenleşik enjamlaryny sowgat etdi

14:1529.07.2019
0
9474

Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäherindäki we Ahal welaýatyndaky mümkinçiligi çäkli adamlaryň bedenterbiýe-sport klubyna umumy bahasy 15,500 ýewro barabar türgenleşik enjamlaryny sowgat etdi. Bu barada GFR-nyň ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu sowgatlaryň netijesinde klublaryň wekilleriniň türgenleşik mümkinçilikleri artdy. Täze enjamlar olaryň ukyplaryny ösdürmekde hem ähmiýetlidir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň