"Köpetdag" 2020-nji ýylda AFK-nyň klublaýyn futzal çempionatyna gatnaşar

12:0029.07.2019
0
7365

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi, Futzal ligasynyň we milli çempionatyň ýeňijisi Aşgabadyň "Köpetdag" futbol topary indiki ýylda AFK-nyň klublaýyn çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Söhbetdeşlik "Köpetdagyň" baş tälimçisi Mergen Orazow bilen bilen gurnalypdyr. Tälimçiniň aýtmagyna görä, häzir AFK bilen bilelikde ygtyýarnama meseleleri çözülýär. Şol meseleler oňyn çözlensoň, "Köpetdag" Türkmenistanyň Futzal ligasynyň ilkinji çempiony we şu ýyl ýurdumyzda futzal boýunça geçirilen milli ýaryşlaryň ählisiniň ýeňijisi hökmünde 2020-nji ýylda AFK-nyň klublaýyn çempionatyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň yklym ýaryşynda çykyş etmegi ýurdumyzda futzalyň mundan beýläk hem ösmegi üçin täsirli ädim bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň futbol toparlary yklym ýaryynda üstünlikli çykyş edip, AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna iki gezek mynasyp boldular, AFK-nyň kubogynda bolsa finala çenli baryp ýetdiler. Edil şeýle üstünlikleri futzalçylarymyzyň hem ýakyn ýyllarda gazanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň klublaýyn futzal çempionaty her ýyl geçirilýän halkara ýaryşdyr. Ilkinjisi 2010-njy ýylda geçirilen halkara ýaryşa yklymyň iň güýçli futzal toparlary gatnaşýarlar. Şu ýyl bu ýaryş 7 - 17-nji awgust aralygynda Tailandyň Bangkok şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň