“Asuda Türkmen” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurluşyk çüýleri öndürilip başlandy

01:2029.07.2019
0
6164

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Asuda Türkmen” hojalyk jemgyýeti tarapyndan şu ýylyň mart aýyndan başlap gurluşyk çüýleri öndürilip başlandy. Kärhananyň başlangyç taslama kuwwatlygy aýda 200 000 kilograma deň bolup, ýylda 2400 tonna niýetlenen. Bu hususy kärhanada gurluşyk çüýleriniň 1.8*32, 2.0*40, 2,5*50, 2,5*60, 3,0*70, 3,0*80, 3,5*90, 4,0*100, 4,0*120 diametr ölçegdäki görnüşleri öndürilýär.

Ak bugdaý etrabyndaky “Asuda Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň işewürleriniň esasy maksady içerki bazarlarymyzda halkyň sarp edýän önümleri bolan gurluşyk çüýleri bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Kärhanada oturdylan enjamlar Russiýa döwletinden, Hytaý Halk Respublikasyndan getirilip, olar awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly dolandyrylýar. Enjamlaryň sazlaşykly işledilmegine hünärmenler tarapyndan berk gözegçilik edilýär.

Kärhananyň çüý önümlerine isleg artyp daşary döwletleriň birnäçesine Owganystana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Gazagystana tapgyrlaýyn ugradylmak üçin işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ählisinde resmi wekiller işläp önümi ýerlemekde iş alyp barýarlar. Aşgabat şäherindäki “Altyn asyr Gündogar” bazarynda bölek söwda üçin niýetlenen ýörite dükan işläp çüý önümleri alyjylara ýetirilýär. Aşgabat we Ahal welaýaty boýunça lomaý söwda üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew daýhan hojalygynyň Öňaldy obasyndaky demir bazarda ýörite ammar ýerleşdirilen.     

Geljekde bu kärhanada ilat tarapyndan köp isleg bildirilýän çüýleriň has köp görnüşlerini öndürmeklik göz öňüne tutylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň