Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Tatarystanda futboly ösdürmäge ýardam berýär

00:0629.07.2019
0
10946

Surat: Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonow / "Biznes Online". 

Kazanyň "Rubininiň" ozalky baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew häzirki wagtda Tatarystanyň Sport ministrliginiň futbol boýunça maslahatçysy bolup işleýär. Bu barada "RB" neşiri ministr Wladimir Leonowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.   

— Gurban Berdiýew Tatarystana kömek berýärmi?

—Biz Gurban Berdiýew bilen hemişe aragatnaşykda. Ol klubda işleýärkä, çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek babatynda hem uly aladalary etdi. Häzir diňe bir Kazanda däl-de, sebitiň ähli ýerlerinde sporty, şol sanda futboly ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Gurban Berdiýew bu işlere maslahatçy hökmünde gatnaşýar. Häzirlikçe, ol bärde, şonuň üçin hem biz, mümkin boldugyndan, onuň tejribesinden kän peýdalanmaga çalyşýarys.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň