Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal çempionaty tamamlandy

19:2728.07.2019
0
3548

Türkmenistanyň futzal çempionatynynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda çempionlyk derejesini gazanan “Köpetdag” topary final böleginiň soňky tapgyrynda “Ahal” toparyndan 7:5 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelkikde, geçiren 3 duşuşygynda 9 utuk toplan “Köpetdag” topary birinji orny ýeňiş bilen gazanmagy başardy diýip, TFF habar berýär.

“Deňizçiden” 5:4 hasabynda üstün çykan “Talyp sporty” topary ýurdumyzyň futzal ligasynda bolşy ýaly “Köpetdagdan” soň ikinji orny eýeledi.

Ýurdumyzyň futzal çempionatyna welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň gatnaşandygyny ýatladýarys.

Final böleginiň üçünji tapgyrynyň netijeleri:

Oýun 17 «Talyp sporty» - «Deňizçi» 5:4

Oýun 18 «Ahal» - «Köpetdag» 5:7

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň