Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy: açylyş duşuşygynda "Merw" "Türkmennebiti" uly hasap bilen ýeňdi

18:3728.07.2019
0
5087

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysy Maryda badalgasyny aldy. Kubok bäsleşiginde ilki Marynyň “Merwi” bilen Balkanabadyň “Türkmennebit” toparlary özara duşuşdylar. Bu duşuşykda Türmenistanyň futbol çempionatynda çykyş edýän Marynyň topary uly hasap bilen ýeňiş gazandy diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýny 31-njy iýulda geçiriler. Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiş gazanan topar kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda “Ahal” topary bilen duşuşmaga mümkinçilik alar.

Bu gezekki bäsleşige Ýokary liganyň 8 topary (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) bilen birlikde birinji liganyň wekili Balkan welaýatynyň “Türkmennebit” toparynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 14-15-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 18-nji sentýabrda geçiriler. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklary öz meýdançalarynda geçirerler.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Altyn Asyr” – “Nebitçi”/“Energetik” – “Aşgabat”

“Şagadam” – “Köpetdag”/“Ahal” – “Merw”/“Türkmennebit”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň deslapky tapgyrynyň birinji duşuşygynyň netijesi:

“Merw” – “Türkmennebit” – 5:0

Gollar: 2 Döwlet Döwletmyradow, 32, 76 Begenç Guldurdyýew, 86 Döwlet Baýramow, 90+1 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 43 Döwlet Bejikow, 81 Baýramgeldi Saryýew (“Türkmennebit”)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň