Umumydöwlet keçe bäsleşiginiň Ahal we Mary welaýat tapgyry geçirildi

18:3028.07.2019
0
1662

Ak bugdaý etrabynda “Gülüň owadan”atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige türkmen milli keçelerini taýýarlamakda has tapawutlanýan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Ýüň saýmak, boýamak, daramak, keçe güllemek we basmak, haly dokamak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler. Häzirki günlerimize ýetip gelen nusgalyk el işleriniň, öýlerimiziň bezegi bolan gülli keçelerimiziň sergisi hem gurnaldy.

Gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen keçe bäsleşigini Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal we Mary welaýat birleşmesiniň we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümleri bilelikde gurnadylar. Bäsleşikde has  tapawutlanyp öňe saýlanan ýeňijiler döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň