Soňky habarlar

Arhiw

Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynda "Awazanyň ýalkymy"ýadygärligi açyldy

23:5727.07.2019
0
7212

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Awazanyň ýalkymy” ady bilen täze gurlan monument binasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmen topragynyň ajaýyp künjeginiň gözelligini, tebigy baýlygyny alamatlandyrýan täze desga Arkadag we Berkarar şaýollarynyň çatrygynda, “Jadyly kenar” oýun atraksionlar seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi.

Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy. Binanyň umumy beýikligi 23 metr. Özboluşly suw çüwdürimlerden gurşalan binýadynyň diametri 33 metr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň