Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysyndan ýeňildi

21:4527.07.2019
0
1768
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysyndan ýeňildi

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda ikinji duşuşygyny geçirdi. Bu tapgyrda owganystanly deň-duşlary bilen duşuşan ýygyndy toparymyz 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy diýip, TFF habar berýär.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynyň ýetginjekler ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Eýranyň ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndy toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

CAFA-nyň çempionatynyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň (U16) gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:

2-nji tapgyryň netijeleri:

Täjigistan – Gyrgyz Respublikasy – 2:0

Owganystan – TÜRKMENISTAN – 1:0

Eýran - Özbegistan - 2:1

3-nji tapgyr

29-njy iýul (duşenbe)

18:00 – Gyrgyz Respublikasy – Özbegistan. Gissar, Merkezi stadion

20:30 – Eýran – Owganystan. Duşenbe, Merkezi stadion

18:00 – Täjigistan – TÜRKMENISTAN. Duşenbe, Merkezi stadion

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň