Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdag" wagtyndan ozal Türkmenistanyň futzal boýunça çempiony boldy

21:0427.07.2019
0
4866

Türkmenistanyň futzal çempionatynda ýarym final böleginiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda “Deňizçini” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden paýtagtymyzyň “Köpetdagy” wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy. Bu tapgyryň beýleki duşuşygynda “Ahal” “Talyp sporty” topary bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Iki tapgyrdan soň "Köpetdag" 6 (ÇEMPION!), "Ahal" 2, "Deňizçi" bilen "Talyp sporty" bolsa 1 utuk gazandy. Çempionat şu duşuşyklar bilen tamamlanar. 

27.07.2019 ý., III tapgyr

Oýun 17 «Talyp sporty» - «Deňizçi» 10:00

Oýun 18 «Ahal» - «Köpetdag» 12:00

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň