Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna Prezident Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy gynanç bildirdi

23:4626.07.2019
0
8818

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet An-Nasere Tunis Respublikasynyň Prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Hatda bellenilişi ýaly, Beži Kaid Es-Sebsi görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Tunis Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Tunisiň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň