Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda üç basgançak ýokary galdy

14:2425.07.2019
0
7423

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň şu gün täzelenen sanawynda geçen aýdaky ornuny ýokarlandyrdy.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky türkmen futbolçylar ozalky sanawdan üç basgançak ýokary galyp, 132-nji orunda ýerleşdiler. Dünýä we Aziýa çempionatlarynyň saýlama tapgyrlaryndaky garşydaşlarymyzdan Koreýa Respublikasy 37-nji, Liwan 87-nji, KHDR 118-nji, Şri-Lanka bolsa 200-nji orunda.

Dünýä sanawynyň başyny Belgiýanyň ýygyndysy çekýär. KOPA Amerikany ýeňiş bilen tamamlan Braziliýanyň ýygyndysy bolsa ikinji orunda. Sanawyň ilkinji üçlügini fransuz futbolçylary jemleýär. Şeýle hem Anliýanyň, Urugwaýyň, Portugaliýanyň, Horwatiýanyň, Kolumbiýanyň, Ispaniýanyň we Argentinanyň ýygyndylary ilkinji 10-luga girmegi başarypdyrlar. Biziň yklymdaşlarymyzdan iň ýokarky basgançagy Eýranyň ýygyndysy eýeleýär. Goňşularymyz sanawyň 23-nji ornunda. 

FIFA-nyň sanawy indi 19-njy sentýabrda täzelener. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň