Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlady

10:3125.07.2019
0
8392

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, orta okuw mekdepleri 5-nji iýulda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky gol çeken buýruguna laýyklykda 2019-2020-nji okuw ýylyna ýokary okuw mekdebine kabul ediljek dalaşgärleriň giriş synaglary başlandy. Milli Liderimiz ministrler kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde buýruga gol çekip 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2019-njy ýylda orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmegi 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly 17-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny onuň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Täze okuw ýylynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdeplerine 12 müňden gowrak talyp kabul ediler. Bu bolsa geçen ýyldakydan 3,5 müňe golaýy köpdür. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň