Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Owganystana ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy

23:4724.07.2019
0
6163

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyyk gatnaşyklaryna hemem ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.

Doganlyk Owgan halkyna muzdsuz kömek hökmünde derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma önümleri we çagalar üçin egin-eşşikleri, okuw kitaplary, mekdep esbaplary, süýji köke önümler we gerekli harytlar iberildi. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, däp bolan goňşyçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläkde ösdürilmegine gyzyklanma bildirýänligini tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň