Soňky habarlar

Arhiw

Telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

12:3824.07.2019
0
12034

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy döwletiň Baştutanyny 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp, goňşy ýurduň içeri hem-de daşary syýasatyndaky gazanylanlaryň onuň ady bilen üznüksiz baglydygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeliliginiň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek babatda bähbitleriň umumylygy hem-de mäkäm syýasy erkiň bolmagy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki doganlyk döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edýän täze iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklar telefon gepleşiginde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Munuň özi goňşy halklaryň taryhy taýdan kemala gelen köpasyrlyk ruhy-medeni ýakynlygy bilen şertlendirilendir.

Taraplar söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary bilelikdäki tagallalar netijesinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem iki döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň