"Altyn asyr" Bolgariýadaky ýygnanyşygynda Makedoniýanyň toparyndan üstün çykdy

22:2323.07.2019
0
4505

Bolgariýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Demirgazyk Makedoniýanyň "Struga" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň bu ýygnanyşygyň çäginde Ukrainanyň "Aleksandriýa" topary (0:5) bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirendigini ýatladýarys.

Adybir şähere wekilçilik edýän "Struga" futbol topary 2015-nji ýylda esaslandyryldy. 2019-njy ýylda Demirgazyk Makedoniýanyň Ikinji ligasynyň ýeňijisi bolan topar dört ýyllyk taryhynda ilkinji gezek ýurduň ýokary ligasyna çykmaga hukuk gazandy.

"Altyn asyryň" bolsa Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ýarymyny ýaryş tertibiniň iň ýokarky basgançagynda tamamlandygyny ýatladýarys. Bolgariýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy "Altyn asyryň" AFK-nyň kubogynyň Interzolagynyň ýarym finalyna taýýarlygynyň bir tapgyryna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň