Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň Merkezi zolagyna gatnaşar

17:2923.07.2019
0
5431

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 19 - 24-nji awgusty aralygynda Nepalyň Katmandu şäherinde Aziýa çempionatynyň Merkezi zolagynyň ýaryşyna gatnaşar. Türkmen woleýbolçylarynyň bu ýaryşyň geçen ýylky çempionydygyny buýsanç bilen habar berýäris.

Şu ýylky ýaryşa 8 ýygyndynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar: Türkmenistanyň, Bangladeşiň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, nepalyň, Owganystanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylarydyr.

Geçen ýyl (aprel aýy) türkmen woleýbolçylary güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, Bangladeşiň ýygyndysy bilen finala çykypdy. Duşuşyk 3:1 hasabynda biziň ildeşlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy we olar yklymyň jemleýji ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň