Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly hünärmenler AFK-nyň komitetleriniň agzalygyna saýlanyldy

17:1723.07.2019
0
5139

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2019-2023-nji ýyllaryň aralygynda iş alyp barjak AFK-nyň hemişelik agzalaryny saýlady. Olaryň arasynda türkmen futbolunyň wekilleriniň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

AFK-nyň geçiren ýörite ýygnanyşygynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow AFK-nyň Aziýa futbolyny ösdürmek baradaky hemişelik komitetine agzalygy biragyzdan goldanyldy.

Şunuň bilen bagly beýanat beren A.Aýnazarow:

- FIFA-bilen AFK-nyň dünýäde, şol sanda Türkmenistanda futboly ýokary derejelere ýetirmekde edýän tagallalaryny aýratyn bellemek gerek.Bize uly ynam bildirilýändigi örän begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda sporty, şol sanda futboly ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Şol edilýän aladalar FIFA-dyr AFK-nyň ýolbaşçylar düzümleri gyzgyn goldaýarlar” diýip belledi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölüminiň başlygy Guwanç Kanaýew AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bilen bagly hemişelik komitetine agza saýlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, türkmen hünärmenleriniň AFK-nyň hemişelik komitetlerine agzalyga saýlanylmaklary, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň ýolbaşçylarynyň TFF-niň alyp barýan işlerine ynamlarynyň uludygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň