Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesiniň wekilleri ABŞ-daky okuw maksatnamasyna gatnaşýar

16:1923.07.2019
0
1660

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri ABŞ-nyň başlangyjy bilen geçirilýän "Döwrebap habar studiosy" atly okuw-maksatnamasyna gatnaşýarlar. ORIENT saýtynyň ýazmagyna görä, oňa Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden hem wekilleri gatnaşýar. 

ABŞ-nyň dürli şäherlerinde geçirilýän 10 günlük maksatnama ateležurnalistler, KHBS-niň ýolbaşçylary gatnaşyp, olar döwrebap usullar bilen tanyşýarlar. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän teleagentligiň işi hem maksatnamada çuňňur öwrenilýär.

Maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň öňdebaryjy media-kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar, telewideniýe işini ýöretmegiň maliýe-menejment meseleleri, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler göz öňünde tutuldy.

Mundan ozal türkmen telewideniýesiniň wekilleri Sloweniýa maliýe meseleleri boýunça geçirilen okuw-maksatnamasyna hem gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň