Soňky habarlar

Arhiw

“Marvel”-iň täze filmleri

15:4223.07.2019
0
2343

“Marvel” kompaniýasy öňümizdäki ýyllarda ekranlara çykarjak täze filmlerini mälim etdi. San Diego “Comic Con”-da geçirilen ýygnanyşykda şereketiň ýolbaşçylary, filmleriň käbir artistleri geljekki taslamalar barada pikir alyşdylar, degişli sowallara jogap berdiler. Kino muşdaklarynyň iň esasy garaşýan filmi Gara duluň (Black Widow) aýratynlykdaky filmi bolup, “Black Widow” atly bu kino 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda prokata çykar. Filmde baş keşbi, Nataşa Romanoffyň keşbini beýleki “Marvel” filmlerinde bolşy ýaly, ýene-de owadan aktrisa Skarlett Ýohansson janlandyrar. Anjelina Joli we Salma Haýekiň baş keşplerinde surata düşjek “The Eternals” filmi 2020-nji ýylyň 6-njy noýabryndan başlap, kinoteatrlarda görkezilip ugrar. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda “Shang-Chi and the Legend of the Ten Rings” filmi, Benedikt Kumberbetç bilen Elizabet Olseniň baş keşplerinde çykyş etjek “Doctor Strange in the Multiverse of Madness” atly filmi 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda hem-de Kris Hemswort bilen täzeden dolanan Natali Portmanyň surata düşjek “Thor: Love and Thunder” kinosy-da 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda prokatlara ýaýradylar. Bulardan başga-da ýene-de birnäçe film öňümizdäki ýyllarda ekranlaşdyrylyp, muşdaklaryň dykgatyna ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň