Soňky habarlar

Arhiw

Iň gymmatly sport klublarynyň sanawynda “Real Madrid” 3-nji, “Barselona” 4-nji

15:3923.07.2019
0
1221

Dünýä belli “Forbes” žurnaly iň gymmat sport klublarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji orny 5 milliard dollarlyk bahasy bilen “Dallas Kowboýs” amerikan futboly kluby eýeledi. Olar 2016-njy ýyldan bäri, bassyr 4-nji gezek sanawda 1-nji orny eýelemegi başardy. Bu ugurda 2-nji orna beýsbol topary “Nýu-Ýork Ýankiz” mynasyp boldy. Onuň gymmatlylygy 4,6 milliard dollara deňdir. 3-4-nji orunlary Ispaniýanyň futbol klublary “Real Madrid” bilen “Barselona” paýlaşdylar. Olaryň umumy bahasy degişlilikde, 4,24 milliard hem-de 4,02 milliard dollara deňdir. Sanawda 5-nji ýeri 4 milliard dollarlyk gymmaty bolan “Nýu-Ýork Niks” basketbol topary eýeledi. “Forbes”-iň mälim eden sanawynda öňdäki 50 klubuň 26-sy amerikan futbolyna degişli toparlardyr. 9-sy beýsbol, 8-si futbol, 7-si hokkeý klublarydyr. Futbol klublaryndan 3,02 milliard dollar bilen “Bawariýa” 17-nji, 2,69 milliard dollar bilen “Mançester Siti” 25-nji, 2,58 milliard dollarlyk gymmaty bolan “Çelsi” 32-nji, Londonyň başga bir kluby “Arsenal” 2,27 milliard dollarlyk gymmaty bilen 42-nji, 2,18 milliard dollarlyk bahasy bolan “Liwerpul” 45-nji hatarda barýar.

Dünýäniň iň gymmat sport klublary

1. “Dallas Kowboýs” (amerikan futboly) – 5 milliard dollar

2. “Nýu-Ýork Ýankiz” (beýsbol) – 4,6 milliard dollar

3. “Real Madrid” (futbol) – 4,2 milliard dollar  

4. “Barselona” (futbol) – 4,04 milliard dollar

5. “Nýu-Ýork Niks” (basketbol) – 4 milliard dollar

6. “Mançester Ýunaýted” (futbol) – 3,81 milliard dollar

7. “Nýu-Inglend Patriots” (amerikan futboly) – 3,8 milliard dollar

8. “Los-Anjeles Leýkers” (basketbol) – 3,7 milliard dollar

9. “Golden Steýt Warriors” (basketbol) – 3,5 milliard dollar

10. “Nýu-Ýork Jaýents” (amerikan futboly) – 3,3 milliard dollar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň