Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen saz gurallary Azerbaýjandaky sergide görkezilýär

13:1123.07.2019
0
5460

Türkmen milli saz gurallary şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilýän "Saz gurallary: birlik we aýratynlyklar" atly saz gurallarynyň halkara sergisinde görkezilýär.

30 döwletden 170-den gowrak saz gurallarynyň görkezilýän sergisinde oňa gatnaşyjylar hytaý, dagystan, owgan, alžir, gruzin, hindi, özbek, täjik we beýleki halklaryň saz gurallary bilen tanşyp bilerler.

Serginiň dowamynda ägirt monitorda onda görkezilýän saz gurallarynda çalnan eserler hem eşitdiriler. Sergi Geýdar Alyýew merkezinde geçirilýär diýip, azeri metbugaty habar berýär.

Türkmen milli saz gurallarynyň köpgörnüşliligini dikeltmek döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem esasy talaplarynyň biri. Ylmy çeşmelerde türkmen halkynyň 70-den gowrak saz guralynyň bolandygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň