Agyr atletika: Pattaýadaky Dünýä çempionatyna Türkmenistandan 13 türgen gatnaşar

13:0123.07.2019
0
1249

Şu günler Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy sentýabr aýynda Tailandyň paýtagty Pattaýada geçiriljek 85-nji Dünýä çempionatyna taýýarlanýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu çempionat ýeňijileriň we agram derejelerinde ilkinji sekiz orna girip bilen türgenleriň Olimpiýa oýunlary - 2020-ä gatnaşmaga bolan hukugyny artdyrar.

"ORIENT" habarlar portalynyň ýazmagyna görä, şu günler türkmen agyr atletikaçylary Dünýä çempionatyna Russiýada taýýarlanýar. Ager atletikaçylarymyz Dünýä çempionatyna çenli Türkiýedäki we Gazagystandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna hem giderler.

85-nji Dünýä çempionatyna Türkmenistandan 13 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň 9-sy erkekler, 4-si bolsa zenanlardyr.

Ýeri gelende, 84-nji çempionatyň geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilip, onuň taryhdaky iň gowy çempionatlaryň hataryna girendigini ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň