Soňky habarlar

Arhiw

“Sada dosluk” hususy kärhanasynda aýakgaplaryň 140 müň jübtüni öndürmäge mümkinçilik bar

12:2823.07.2019
0
1514

Mary etrabynyň çägindäki “Sada dosluk” hususy kärhananyň işewürleriniň esasy maksady içerki bazarlarymyzda halkyň sarp edýän önümleri bolan aýakgaplar bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Kärhanada oturdylan enjamlar kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylyp, olaryň sazlaşykly işledilmegine hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär.

Tomus paslyna niýetlenen aýakgaplar önümleri öndürmek üçin zerur bolan aýakgaplar çig mal hökmünde daşary döwletlerden getirilýän degişli serişdeler hem-de rezin dänejikleri ulanylýar. Kärhanadaky enjamlar toplumlarynda her aýda dürli ölçegdäki we dürli reňkdäki aýakgaplaryň 140- müň jübtüni öndürmäge mümkinçiligi bar. Geljekde bu ýerde sport aýakgaplaryny öndürmeklik hem göz öňüne tutylýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň