“Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetinde "Aknur" we "Aýnur" nyşanly ýuwujy serişdeler öndürilýär

12:1823.07.2019
0
4946

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýuwujy serişdelerini öndürýän “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetiniň kärhanasynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan. Kärhanada ýuwujy serişdeleri tozanlandyryp guratmak usulynda öndürmeklik birnäçe bölümlerde, dürli enjamlar arkaly amala aşyrylýar.

Gury we suwuk himiki serişdeleri enjamlaryň degişli sazlaşygy esasynda öndürilýär. Serişdeleri gyzdyryjy tehnologiýa ulgamy işlenende howaly süzgüçden geçirmek, goşundylary giriziji ulgam, howa gysyjy kompressor stansiýasy orta basyşly suw buguny öndüriji gaz arkaly taýýar edilýär.

Kärhanada taýýar önümleri gaplaýjy enjamlar, taýýar önümleri we çig mal saklanýan ammarlar hereket edýär. Kärhanada häzirki wagtda reňkli we reňksiz egin-eşikleri üçin dürli agramlarda “Aknur”, “Aýnur” haryt nyşanly gaplara ýerleşdirilen, kir ýuwujy serişdeleri öndürilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň