Soňky habarlar

Arhiw

“Awataryň” rekordyny täzeledi

16:0822.07.2019
0
1272

“Marvel” komiksleriniň ähli hyýaly gahrymanlaryny özünde jemleýän we olaryň birnäçesiniň ölümi bilen tamamlanýan “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame) filmi “Awataryň” (Avatar) 10 ýyllyk rekordyny täzeledi. Golliwudyň birnäçe meşhur artistiniň surata düşen bu filmi görkezilip başlanyndan 13 hepde soň, prokatyň iň köp girdeji toplan ekran eseri bolmagy başardy. 13 hepdäniň dowamynda 2 milliard 790 million 216 müň dollar ýygnan film “Awatardan” (2 milliard 789 million 700 müň dollar) ýarym millard dollar köp gazanyp, rekordyň täze eýesi boldy. Ussat režissýor Jeýms Kameronyň surata düşüren “Awatar” filmi 2009-njy ýylda prokata çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň