Soňky habarlar

Arhiw

Hepdede 1 million funt sterling hak alar

12:3522.07.2019
0
1733

Häzirki wagtda “Real Madridden” gitjekdigi anyk, ýöne haýsy kluba transfer boljakdygy entek näbelli bolan Garet Beýle hytaý klublarynyň birinden teklip geldi. Iňlisleriň “Mirror” gazetiniň habar bermegine görä, Hytaýyň paýtagty Pekiniň “Beižing Guaon” klubunyň uelsli ýyldyz oýunçy üçin hepdelik 1 million funt sterling tölemäge taýýar. Klubuň ýolbaşçylary 30 ýaşyndaky oýunçyny razy etmek üçin alada baryny edýär. Häzirki wagtda hepdede 650 müň funt sterling gazanýan Beýl hytaý klubunyň teklibi bilen razylaşan ýagdaýynda ol dünýäniň iň köp hak alýan futbolçysy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň