“Premier liganyň” iň köp hak alýan futbolçysy bolar

12:3322.07.2019
0
1386

“Liwerpul” toparynyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah Angliýanyň “Premier ligasynyň” iň köp hak tölenýän futbolçysy bolar. Iňlisleriň “The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, “Liwerpul” topary 27 ýaşyndaky ýyldyzyň şertnamasyny gowulandyrmakçy bolýar. Şeýlelikde, Mohamed Salah täze şertnama laýyklykda ýyllyk 22,4 million funt sterling hak alar. Bu bolsa oýunçynyň hepdelik gazanjy 430 müň funt sterlinge deň diýmekdir. Ol bu görkezijilerden soň, “Premier liganyň” iň köp hak alýan futbolçy bolar. 2017-nji ýylyň tomsunda “Liwerpula” transfer bolan Salah bu toparda umumylykda 104 duşuşykda 71 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň