“Farap” şypahanasy halkymyzyň hyzmatynda

11:0822.07.2019
0
4179

Melhemler mekany bolan diýarymyzyň täsin tebigatly ýerleri halkymyzyň milli guwanjyna we buýsanjyna öwrülýär. Bu tebigat täsinliklerinden netijeli peýdalanyp, şu günki günde saglyk hyzmatlaryny halka giňden hödürleýän şeýle melhem merkezleriniň biri hem diýarymyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän “Farap” şypahanasydyr. Bu döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, döwruň talabyna laýyk hyzmatlaryny hödürleýän şypahana gelýänleriň sany hem günsaýyn artýar.

"Farap" şypahanasy ilkinji açylan gününden bäri gapysyny giňden açyp, ýurdumyzyň raýatlaryna melhemlik hyzmatlaryny giňden hödürläp gelýär. Şypahana Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda 25 kilometr uzaklykda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Şypahananyň binasy üç gatdan ybarat bolup, birwagtyň özünde raýatlaryň 250-sini kabul etmäge niýetlenendir. Üç gatly bejeriş binasynda dynç almak, ýaşamak, saglygyňy dikeltmek üçin ähli şertler döredilendir. Dürli kärde zähmet çekýän, nobatdaky zähmet rugsadyny alan, dynç alýan raýatlar üçin bu ýerde ýylyň islendik pasylynda saglyklaryny dikeltmeklige, bejergi almaklyga ähli amatlyklar döredilendir.

Farap şypahanasynda anyklaýyş bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär. Bu ýere gelen raýatlar göz, diş, gulak, burun, bokurdak lukmanlaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler. Şypahananyň esasy häsiýetli aýratynlygy bolsa 480 metr çuňlukdan öz akymlaýyn çykýan mineral suwunyň bolmagydyr. Mineral suwuň ýylylygy hemişe 39 gradus ýylylyk derejesinde saklanýar. Minerallaşdyrylan sulfat hloridli, natrili bejeriş suwuň düzüminde 32–sany himiki elementiň barlygy takyklanandyr. Şypahanaň bu melhem suwy iýmit siňdiriş, daýanç hereket, nerw, ýürek damar ulgamlarynyň kesellerini, deri kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Fizioterapiýa bölüminde ornaşdyrylan iň kämil saglyk enjamlary şypahana işgärlerine dürli keselleri bejermekde, keselleriň öňüni almakda, işleri ýokary derejede ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň