Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň resmi saýty: «Mişe Şri-Lankadan gazanyljak ýeňiş bilen başlamak isleýär»

18:4921.07.2019
0
6033

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna çekilen bijeler baradaky pikirine orun berdi. «Mişe Şri-Lankadan gazanyljak ýeňiş bilen başlamak isleýär» atly habarda tälimçiniň Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýaryşdaky mümkinçilikleri baradaky pikirleri beýan edilipdir.

Habarda ýazylyşy ýaly, ýaryşyň Merkezi Aziýaly wekili Koreýa Respublikasy, KHDR, Liwan hem-de Şri-Lanka bilen «H» toparçada ýaryşar. FIFA-nyň sanawynda 201-nji orny eýeleýän Şri-Lanka saýlama tapgyrda Türkmenistanyň ilkinji garşydaşy bolar.

Şu ýylyň mart aýynda baş tälimçi wezipesine gelen hünärmen 5-nji sentýabrda ilkinji synagyna çykar diýlip, habarda aýdylýar. Ante Mişe bu duşuşykda gazanyljak ýeňşiň futbolçylaryny tutuş ýaryşyň dowamynda ruhlandyrjakdygyna ynanýar.

Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy: «Ilkinji duşuşykda deňlik hem erbet netije bolmaz, ýöne biz ondan hem gowy netijäni alyp bileris» diýip, ynamly aýtdy. «Ilkinji duşuşygymyzda gazanyljak ýeňiş tutuş ýaryşyň dowamynda bellän maksadymyza ýetmäge möhüm ädim bolar».

«Koreýa Respublikasy, elbetde, toparçamyzda iň güýçli ýygyndy. Biz KHDR bilen boljak duşuşyga-da üns bermeli» diýip, habarda tälimçiniň aýdanlary getirilýär. «Häzirki maksadymyz toparçada üçünji orny eýeläp, Aziýa kubogy ― 2023-e gatnaşmaga bolan hukugymyzy ýitirmezlik. Ýöne ikinji orny eýeläp, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Dünýä çempionatyna bir ädim ýakynlaşmaga hem mümkinçiligimiz bar».

Şeýle hem habarda Ante Mişeniň oýunçylarynyň aglabasynyň AFK-nyň kubogynyň finalçysy «Altyn asyryň» futbolçylarydygyna, tälimçiniň Arslanmyrat Amanow, Wahyt Orazsähedow, Ruslan Mingazow ýaly legionerlere hem bil baglaýandygyna üns çekilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň