Türkmenistanyň futzal çempionatynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi

18:2121.07.2019
0
4221

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň futzal çempionatynyň duşuşyklaryna badalga berildi. 27-nji iýuna çenli dowam etjek çempionata Futzal ligasynyň ilkinji üç ornunyň eýesi hem-de ýurduň sebitlerine wekilçilik edýän toparlar gatnaşýar.

Çempionatyň ilkinji gününde "A" toparçada "Talyp sporty" "Daşoguzy" 7:4, "Ahal" bolsa BTUM-y 9:2 hasabynda ýeňdi. "B" toparçadaky "Deňizçi" - "Köpetdag" duşuşygy tutuş tapgyryň iň esasy duşuşydyr. Ilkinji minutlaryndan ýokary depgine eýe bolan duşuşykda "Köpetdag" kenarýaka şäherden gelen garşydaşyny 4:2 hasabynda ýeňdi. "B" toparçanyň beýleki duşuşygynda "Mary" "Lebapdan" 12:6 hasabynda üstün çykdy.

Ertir - 22-nji iýulda "A" toparçada "Ahal" - "Talyp sporty", "Daşoguz" - BTUM, "B" toparçada "Mary" - "Deňizçi", "Köpetdag" - "Lebap" duşuşyklary geçiriler. Tapgyrda "Ahal" bilen "Talyp sportunyň" arasyndaky duşuşyga üns güýçli bolar. Çünki şu duşuşyk toparlaryň biriniň "A" toparçanyň ýeke-täk öňdebaryjysyna öwrülmegine getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň