Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda bugdaýyň täze görnüşleri synag ediler

19:1520.07.2019
0
2650

Iň gymmatly azyklyk ekinimiz bolan ak bugdaýyň biziň toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän täze görnüşlerini döretmek, olary synagdan geçirmek bilen bagly işler barha ýaýbaňlanýar. Bu babatda Lebap welaýatynda hem ýörite tejribeler geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda welaýatyň ekin meýdanlarynda ilkinji gezek bugdaýyň ýerli «Miras», «Akbaş», şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Bagrat» ýaly görnüşleri synagdan geçirilip, olardan bol hasyl alyndy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň alymlary tarapyndan döredilen «Garaşsyzlyk», «Döwletli», «Bagtyýarlyk», «Berkarar» ýaly bol hasyl berýän görnüşlerini köpçülikleýin ekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň