Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Nižekamsk şäherinde futboly ösdürmäge gatnaşýar

18:3320.07.2019
0
9513

NTR-24.ru saýtynyň habar bermegine görä, şu gün türkmenistanly hünärmen, meşhur tälimçi Gurban Beridýew Russiýa Federasiýasynyň Nižekamsk şäherinde iş saparynda boldy. Şäheriň Instagramdaky resmi hasabynda hem aýdylyşy ýaly, saparyň maksady bu ýerde döwrebap futboly ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. 

Hormatly myhmany şäheriň meri Aýdar Metşin garşylap, onuň bilen ýokarda agzalan meseläni maslahatlaşdy. Şeýle hem türkmenistanly tälimçi "Nefthimik" toparynyň türgenleşigine baryp gördi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň