Türkmenistanly futzalçy gyzlar Bolgariýanyň milli sport akademiýasynyyň ýygyndysyny ýeňdiler

18:1920.07.2019
0
10543

Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ýerli “National Sports Academy” futbol kluby bilen duşuşdy. Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçirilen  duşuşygyň aglaba bölegini hüjümde oýnan milli ýygyndymyz 4:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Mariýa Çaryýewa (2), Ejeş Amanmuhammedowa hem-de Bagtygül Gurbanowa dagy tapawutlanmagy başardylar - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 24-nji iýula çenli dowam eder.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzüminiň türgenleşik ýygnanyşygynda oýunçylaryň 19-syny gözden geçirýändiklerini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň