Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň futzal çempionatyna badalga berler

18:0120.07.2019
0
5925

Ýurdumyzyň welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň – “Köpetdag”, “Talyp sporty” (ikisi-de Aşgabat), “Deňizçi”, BTUM  (Balkan welaýaty), “Lebap” (Lebap welaýaty), “Mary” (Mary welaýaty), “Ahal” (Ahal welaýaty) hem-de “Daşoguz” (Daşoguz welaýaty) gatnaşmagynda futzal boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň bijeleri çekildi diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

21-27-nji iýul aralygynda Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçiriljek çempionata gatnaşýan toparlar ilki iki toparçada bäsleşerler. Toparçalarda ilkinji iki orny eýelänleriň dördüsi özara bir aýlawdan ybarat bolan tapgyrda bäsleşerler. Final tapgyrynda toparlaryň haýsysy has köp utuk toplasa, şol hem ýurdumyzyň çempionatynyň ýeňijisi diýlip yglan ediler.

Bije çekilişigiň netijesinde "Talyp sporty", "Ahal", "Daşoguz" we BTUM toparlary "A", "Deňizçi", "Mary", "Köpetdag" hem-de "Lebap" toparlary "B" toparçany emele getirdi.

 Futzal çempionatynň final tapgyryna gatnaşmak üçin welaýatlarda we Aşgabat şäherinde zolak ýaryşlaryň geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň